Uly üstünliklere beslenen “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan gününde hormatly Prezidentimiziň halkymyza ýene-de bir täze eserini sowgat bermegi, halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu baýramçylyga bagyşlap, “Ýaşasyn parahat durmuş!” diýip atlandyrylan täze ýazan goşgusyndan ruhlanyp Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “ARKADAGYŇ ESERLERI AK ÝOLLARYŇ DOWAMATY” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahaty Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow gutlag sözi bilen açyp, Garaşsyzlyk bilen Bitaraplygyň hem türkmen döwletliliginiň goşa ganatydygy barada, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyra Göwher Ahmedowa, TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Serdar Şyhyýew, Daşoguz şäherindäki 22-nji orta mekdebiniň mugallymy Ýegenberdi Faýzullaýew dagylar bütin dünýäde parahatçylyk, abadançylyk we bagtyýar durmuşyň höküm sürmegi barada şahyrana çykyşlary etdiler. Maslahatyň ahyrynda muzeý işgärleri hem çykyş edip, ak ýollarymyza röwşen çaýýan ajaýyp eserleri halkymyza sowgat berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.Maslahata gatnaşyjylar muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýetilen belent üstünlikleri wasp edýän nakgaş eserlerinden ybarat sergä-de syn etdiler. 21.12.2021 ý