DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

DÜR ÝASALMAZ USSATSYZ

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler zalynda “Zergärçilik sungaty–halkymyzyň gözellik zynaty” atly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata zergärler bilen bilelikde muzeý işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary şol sanda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Maslahatda zergärçilik senediniň dürli görnüşlerinde halkymyzyň geçmiş taryhy, paýhasy, milli aýratynlygy, ruhy we döredijilik dünýäsiniň öz beýanyny tapýandygy dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Laçyn Nurmedowa asyrlar aşyp gelen milli şaý-seplerimiziň muzeý işgärleri tarapyndan öwrenilşi dogrusynda maslahatda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi.  08.10.2021 ý.