Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň muzeýleriniň gatnaşmagynda “Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulyýeti” atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geiçrildi. MaslahataTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Watan mukaddesligi muzeýiniň şeýle-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň muzeýleri bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Muzeý işiniň barha kämilleşmegi üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp alyp barýan işlerinde şekillendiriş sungatyna degişli gymmatlyklary toplamak, hasaba almak, ylmy taýdan öwrenmek boýunça geçirýän işleri barada Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew maslahatda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi.
Maslahatyň dowamynda muzeý işgärleri sorag-jogap alyşmak bilen öz tejribelerini paýlaşdylar, şeýle hem maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň muzeýleriniň alyp barýan işleriniň has hem döwrebap gurnalmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýtdylar. 20.10.2021 ý.