Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ýanwar aýynda yglan eden “Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap” atly bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän döwlet muzeýleriniň arasynda geçirildi. Bäsleşige ýylyň başyndan bäri ykjam taýýarlanyp, on bir aýyň görkezijileri boýunça ýagny, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň görkezijileri has tapawutlanyp, bäsleşigiň netijeleri esasynda, tassyklanan emin agzalary Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini “Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi” diýip kesgitlemegi muzeýimiziň her bir işgärini buýsandyrdy. Bu bagtyýar günde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ähli işgärleri öz halkynyň medeniýetine, sungatyna onuň gadymy milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýan milli mirasymyzyň hak hossary Gahryman Arkadagymyzyň şeýle köp taraply aladalaryna iş bilen jogap bermek bilen ýurdumyzyň muzeý işgärlerine döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hoşalyklarynyň çägi ýok! 03.12.2021 ý.