DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

GADYMY SENET – YLHAMLY SUNGAT

      “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Gadymy  senet-ylhamly  sungat” atly maslahat we sergi geçirildi. Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzy, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzy wasp edýän aýdymlaryň ýaňlanmagynda başlanan maslahaty muzeýiň direktory Allanazar Garajanow gutlag sözi bilen açdy, “Çeper döredijiligiň halk ussasy” adynyň eýeleri Öre Annaýew, Baky Rejepow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberen Baýramow, žurnalist hem-de şahyr Dädebaý Nartyýew dagylar çykyş edip Gahryman Arkadagymyzyň milli senedimizi gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerini uly buýsanç bilen bellediler.

      Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda ýaýbaňlandyrylan “Daşoguz welaýatynyň dessançy halypa bagşylarynyň, olaryň şägirtleriniň” nakgaş eserleriniň sergisine,  milli saz gurallarynyň hem-de milli senedimizi ýasamakda ulanylýan iş gurallarynyň sergisine syn etdiler.   06.02.2022 ý.