“Maddy medeni mirasy öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek” ady bilen ýakynda, ýurdumyzyň taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hem-de muzeýleriniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen amaly maslahata Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de “Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň” hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow “Maddy we ruhy gymmatlyklaryň muzeýlerdetutýan orny”, “Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň” ýolbaşçysy Mämmetnepes Batyrow “Kerwensaraý ýadygärliginden tapylan tapyndylaryň muzeýleşdirilişi” barada geçirilen amaly maslahatda çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar milli mirasymyzy gorap saklamaga we öwrenmäge, wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri hem-de şertleri üçin hormatly Prezidentimize sag bolsun aýtdylar. 18.02.2022 ý.