DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ÝAŞAÝŞYŇ BEZEGI SIZ, ZENANLAR!

Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň    gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagy hakyndaky Kararyna laýyklykda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjy   gelin-gyzlary gutlap, hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurdy.   

            Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatda hereket edýän muzeýleriň gelin-gyzlary, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa barada hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.   03.03.2022 ý.

                                                                                                                                                      * * * * *

     Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Ýaşaýşyň bezegi siz, zenanlar!” atly baýramçylyk sergisi guraldy. Ýaýbaňlandyrylan bu baýramçylyk sergisinde muzeýiň gaznasynda saklanýan, bahar pasly, zenan gözellikleriniň waspy bilen bagly şekillendiriş sungaty eserleriniň birnäçesine,  zenan şaý-seplerine, nepis el işlerine giň orun berildi.

      Bu gezekki sergi zenan mertebesini belent derejelere göterýän Gahryman Arkadagymyzyň muzeý işgärlerine döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanyp zähmet çekýän muzeý işgärleriniň toý sowgady boldy. 07.03.2022 ý.