Golaýda muzeýimizde Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TMÝG-nyň welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň guramagynda Türkmen halkynyň alabaý itini çeperçilik sungatynda wasp etmek maksady bilen Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, welaýatyň çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň nakgaş bölüminiň mugallymlarynyň, talyplarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Türkmen ojagynyň wepaly dosty” hem-de “Alabaýlaryň çeper waspy” atly döredijilik sergi bäsleşikleri geçirildi.
Muzeýiň wagtlaýyn sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan sergide türkmen şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça (ýagly reňkde, akwarelde, grafikada, gobelende, heýkelde) türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän ussatlyk bilen ýerine ýetirilen işleri synlamak bolýar. Sergi bäsleşikde bu sungat ýolunda halypalyga ýeten mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlar bilen okuwçylyaryň özboluşly eserleriniň sazlaşykly ýerleşdirilmegi “Halypa şägirtlik” ýolunyň dowamat-dowam bolýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär.
Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçen bäsleşigiň ýeňijilerine bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 14.03.2022 ý.