Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi bilen bilelikde muzeýde gurnalan “Şan-şöhraty arşa dolan bedewler” atly söhbetdeşlik türkmeniň buýsanjyna öwrülen bedewleri wasp edýän çykyşlara beslendi. Söhbetdeşlikde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew, TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy Ýakup Atabaýew ,TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Parahat Sabyrow hem-de Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy,nal ussasy Möwlamberdi Amanbaýew “syrdaşym, baş ýoldaşym” diýip ýüzlenilen-ynsanyň iň ýakyn dosty bolan ahalteke bedewleri barada çykyş etdiler.
* * ** *
Daşoguz welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde muzeýde geçiren “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Bedewiniň sarpasy” atly tegelek stoluň başyndaky syýasy söhbetdeşlikde ýurdumyzda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportunyň görnüşlerini we at çapyşyklaryň milli däplerini wagyz etmek babatda uly çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada gyzykly gürrüňler edildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli buýsanjymyz bolan Ahalteke bedewiniň dünýä halklaryny haýrana goýýan owadanlygy we ajaýyplygy boýunça gaýtalanmajak bedewleri ýetişdirip, olaryň tohum arassalygyny saklap, barha kämilleşdirip, nesillerden-nesillere ýetirmekde alnyp barylýan giň gerimli işler barada TAP-nyň Akdepe etrap komitetiniň başlygy Altybaý Allabaýew, Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy, halypa çapyksuwar Täçmyrat Dowulbaýew, Daşoguz döwlet Athanasynyň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan atçynasy Ýaňyberdi Täzebaýew tasirli çykyş etdiler.
* * * * *
TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşi bilen Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde muzeýde gurnan “Gözelligiň nusgasy behişdi bedewleriň çeper waspy” atly surat sergi bäsleşigi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň özboluşly toý sowgady boldy. Ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewleriniň keşplerini şekillendiriş sungatynda wasp eden ýaş suratkeşleriň bu bäsleşige hödürlän ençeme eserleri, sergi bäsleşigi gurnaýjylaryň Hormat hatlaryna hem-de ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp görülmegi bäsleşige gatnaşyjylaryň ylhamyna has-da joşgun goşdy.
Giň many-mazmuna eýe bolan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylaryň ählisi milli baýramçylyklarymyzy giňden bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtdylar. 15.04.2022 ý.