Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir gün ajaýyp taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigini “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň maýynda gözel paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy hem aýdyň tassyklady.
Jemgyýetimizde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek maksady bilen geçirilen taryhy dialogyň netijelerine bagyşlanyp, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Dialog–parahatçylygyň kepili” atly şygar bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik guraldy. Muzeýiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlikde muzeýiň bölüm müdiri Çynar Annaýewa, ylmy işgärleri Haýytgül Ataýewa, Gözel Köpikliýewa, muzeýiň hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagy çykyş edip, zenanlara ata Watanymyzda goýulýan belent sarpa, işlemek, döretmek, halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda zenanlaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy. 17.05.2022 ý.