Muzeýiň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň milli mirasymyzy, medeniýetimzi we sungatymyzy ösdürmäge döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, “Taryhdan gözbaşly ajap döwrümiz, alkyşlaýar Arkadagly Serdary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige welaýatda hereket edýän muzeýleriň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdirleri hem-de ylmy işgärleri gatnaşyp çykyş etdiler.
Olar çykyşynda ýurdumyzda muzeý işiniň sanly ulgamlar bilen utgaşdyrylşy, muzeýe syýahatçylary çekmek maksady bilen gurnalýan tematiki sergileriň ähmiýeti barada, muzeý gaznalarynyň sanyny artdyrmak barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda maslahata gatnaşyjylar muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda gurnalan muzeý gymmatlyklarynyň sergisine syn etdiler we Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza döredijilikli zähmet çekmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin sag bolsunlaryny we ýürek buýsançlaryny aýtdylar. 06.07.2022 ý.