DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ŞÖHRATLY TARYHA GOÝULÝAN SARPA

       Ýurdumyzyň arheologlarynyň, binagärlik boýunça taryhçylarynyň, rejeleýjileriniň, syýahatçylyk işgärleriniň, şeýle-de ähli taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleriniň, şeýle hem daşary ýurtly hünärmenleriň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäginde muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda gurnalan muzeý gymmatlyklarynyň sergisi köp adamly boldy.

      Çykyşlar tamamlanandan soňra duşuşyk “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynda, Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän Yzmykşir galasynda we Ysmamyt ata binagärliginde meýdan şertlerinde dowam edip, muzeý işgärleri hem bu duşuşygyň geçirilişine işjeň gatnaşdylar.   04.06.2022 ý.