Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri halkymyza giňden wagyz etmek, olary mynasyp derejede wasp etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi TDP-niň welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda “Täze taryhy eýýamda milli mirasymyzyň sarpasy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleri edebiýatymyzy, bagşyçylyk, heýkeltaraşlyk sungatymyzy ösdürmäge bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmaga döredilýän mümkinçilikler we şertler barada buýsançly belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza kalplaryndan joşup çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda gurnalan döredijilik sergisi duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy. 13.07.2022 ý.