DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

MEDENIÝETIŇ-SUNGATYŇ BAGTYÝARLYK TOÝY

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şanyna muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly baýramçylyk sergisi toý ruhuna beslendi. Sergide ýerleşdirilen welaýatyň medeni durmuşyndan habar berýän muzeý gymmatlyklarydyr nakgaş eserlerini synlanyňda halkymyzyň adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýandygyna buýsanjyň artýar.

                                                                                                                                                       * * *

     Ýurdumyzda şu ýyl 10-njy gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň Mary topragynda geçirilen toý ruhuna beslenen dabaralarynda-da, Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen “BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE MUZEÝ IŞI ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ ESASY UGURLARY” atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahatynyň çäginde hem Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň özboluşly baý gaznasynda saklanýan gymmatlyklaryň göçme sergisi ýaýbaňlandyryldy.            21-27.06.2022 ý