DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Sungat sarpasy

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zähmet weteranlary, ýazyjy-şahyrlar hem-de sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygider geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri muzeýde“Sungatym bar-hormatym bar” ady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy ýaş heýkeltaraş Baýgeldi Annamedow bilen muzeý işgärleriniň duşuşygynda, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan hem-de durmuşa ornaşdyrýan işlerini sungatyň dili bilen wasp etmekde, türkmen suratkeşleriniň hem ençeme eserleri döredýändiklerine ýene-de bir gezek göz ýetirildi. Özboluşly çuň manyly heýkelleri döredýän ýaş heýkeltaraşyň döredijiligi esasan millilige, gözellige we tebigata ýugrulandyr. Ýaş heýkeltaraşyň döredýän eserleri tomaşaçylar tarapyndan hemişe uly gyzyklanma bilen kabul edilýär.       04.08.2022 ý