DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Garaşsyzlyk – bagtymyz

     Toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň    31 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide ýaýbaňlandyrylan bereketli türkmen saçagyny, toý döwresini ýatladýan pursatlaryň, milli we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň ajaýyp görnüşleri aýratyn täsirli boldy.

      Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri beýan edýän diwarlyklar ýörite baýramçylyk suratlary bilen bezeldi. Sergini synlanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky bagtyýarlygyň goýnunda erkana ýaşamaga, gurmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.      21-29.09.2022 ý.