DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELER

Parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrülen çäreleriň birnäçesi Hatyra güni mynasybetli muzeýde giňden geçirildi.

    TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň geçiren söhbetdeşliginde muzeýiň direktory Allanazar Garajanow, Daşoguz teleradiostudiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Dädebaý Nartyýew, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulysy Bally Narçyýew hem-de TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy Ýakup Atabaýew dagylar çykyş edip, eziz Watanymyz azatlyk, mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden ogullaryny we gyzlaryny hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýandygy barada gürrüň etdiler.  

* * *

     TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň geçiren maslahatynda-da mähriban topragymyza çäksiz söýgüniň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde halkymyz dürli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmegi başarandygy dogrusynda çykyşlar edildi.

      Çäreleriň ählisinde Garaşsyz Watanymyzda döretmek, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamak we zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagy, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.            04.10.2022 ý.