DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

WEPALY HEM EDERMEN TÜRKMEN ALABAÝLARY

Türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olary mert, edermen edip ýetişdirmek, ynsanyň iň wepaly dosty alabaýlarymyzy ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen “Türkmen alabaýy” baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmen alabaýynyň sungatda waspy” baýramçylyk sergisi gurnaldy.

       Sergide ýerleşdirilen nakgaş we heýkel eserlerinde wepadarlygy, hüşgärligi, we duýgurlygy, bilen tapawutlanýan milli gymmatlyklarymyz derejesinde sarpalaýan alabaýlarymyz çeper wasp edildi.

      Birnäçe günläp döwam eden bu baýramçylyk sergisinde Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda dünýä meşhur bolan alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has hem artdyrmak ugrunda edýän ýadawsyz tagallasy dogrusynda buýsanç bilen gürrüň edildi.      25-30.10.2022 ý.