Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen ösýän, özgerýän Daşoguz welaýatymyzda geçirilen türkmen we özbek halklarynyň festiwalynyň toý dabarasy taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Iki goňşy döwletiň köpdürli, öwüşgünli medeniýeti, sungaty, ynsanperwer ýörelgelerini baglanyşdyrmakda, sazlaşykly utgaşdyrmakda hem baýlaşdyrmakda, uly ähmiýete eýe bolan bu dost-doganlyk festiwaly ruhy joşguna, şatlykly pursatlara beslendi. Daşoguz şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu toý dabarasyna iki döwletiň medeniýet, teatr we kino sungatynyň işgärleri bilen bir hatarda türkmen we özbek halklarynyň amaly-haşam sungatyna degişli el işleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi guraldy. Sergide iki doganlyk ýurduň senetçiliginiň we şekillendiriş sungatynyň döredijilik ussatlygy görkezildi. Dabara gatnaşan iki döwletiň wekilleri bu wakanyň halklarymyzyň medeni durmuşynda möhüm çäre bolmak bilen, biziň ýurtlarymyzyň döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar. 16-17.11.2022 ý