DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Arkadagly Watana Täze ýyl geldi

Muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik  mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Arkadagly Watana Täze ýyl geldi” atly döredijilik sergi bäsleşigi geçirildi.

     Bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin düýpli tagallalar edilýändigi şonuň netijesinde-de çagalaryň bagtyýar we ruhubelent ýaşamagyna gönükdirilendigi sergide ýerleşdirilen eserlerde aýdyň duýulýar.

                Ýatdan çykmajak täsirleri galdyran bu sergä gatnaşan ýaş suratkeş okuwçylara Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de TMÝG-nyň welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.     09.01.2023 ý.