DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Çeperçilik ylhamlaryň joşguny

      2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy mynasybetli muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň agzalarynyň çeper döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy bolup geçdi.

      Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Daşoguzly suratkeşleriň döredijiligi has-da kämilleşdi. Welaýatymyzyň  halypa we ýaş suratkeşleriniň gatnaşmagynda guralan sergä gelen talyplarda uly gyzyklanma döretdi we olar bilen döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Çuňňur  we  inçe duýgurlyk, milli häsiýetlilik, ajaýyp reňk sazlaşygy halkyň durmuşyny we adamyň ruhy dünýäsini açyp görkezýän bir gözellik bolup sergilenen eserlerde aýdyň duýulýar.

       Birnäçe günläp dowam eden döredijilik sergisi ony görenlerde ýatdan çykmajak duýgulary döretdi. Ýurdumyzda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we keramikaçylaryň döredijiliginiň has-da ösmegi üçin uly aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar.    16.01.2023 ý.