DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Röwşen gelejege barýas Arkadagly Serdar bilen

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Röwşen gelejege barýas Arkadagly Serdar bilen” atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi. Muzeýiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň gidrogeology Muhammetnazar Aşyrow, muzeýiň hünärmeni Laçyn Nurmedowa, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Aýgül Annamedowa hem-de şol mekdebiň talyby Pälwanmyrat Bakyýew dagy çykyş edip Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň uly üstünliklere beslenýändigini bellediler.

   Şeýle hem maslahatyň dowamynda muzeýiň sergi zallaryna täsirli ekskursiýa guraldy.  14.02.2023 ý.