DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Äleme ýeter ene soýgüsi

“Halkara zenanlar güni” mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler zalynda guralan “Zeminiň görki zenanlar” atly baýramçylyk sergisinde Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň heýkel hem-de surat eserleri sergilendi. Dürli reňkleriň üsti bilen enäniň perzendine bolan mähir-muhabbeti, gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklary, bahar paslynyň    al-elwan gülleri  beýan edilen eserler sergini synlanlaryň ünsüni has-da özüne çekdi.

* * * * *

   Halkara zenanlar güni mynasybetli muzeýde geçirilen baýramçylyk dabarasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagy hakyndaky Kararyna laýyklykda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow dabara gatnaşyjy gelin-gyzlary gutlap, hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurdy.   

     Dabaranyň ahyrynda welaýatda hereket edýän muzeýleriň gelin-gyzlary, ajaýyp döwrümizde zenan bagty barada Arkadagaly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.  24.02.-09.03.2023 ý.