Şeýle at bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmen edebiýatynyň göwher gaşy Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Çemen Annamyradowa, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Bekiýewa, muzeýiň bölüm müdiri Çynar Annaýewa, muzeýiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew, muzeýiň hünärmeni Laçyn Nurmedowa hem-de “Daşoguz habarlary” gazetiniň uly habarçysy Aýgözel Atajanowa dagy, akyldar şahyryň şygryýet dünýäsiniň ýaş nesillere durmuş ýörelgesi bolup hyzmat edýändigi barada çykyş etdiler. Magtymguly Pyragynyň watançylyk, durmuş, adamkärçilik, myhmansöýerlik ýaly mowzuklarda ýazylan öwüt-ündew häsiýetli goşgularyndan okalan çeper okaýyşlar täsirli boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda sarpasy belentden tutulýan Magtymguly Pyragynyň çuň mana ýugrulan döredijiligine bagyşlanyp muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda guralan sergide ýaýbaňlandyrylan gymmatlyklar, synlanlarda akyldar şahyryň döredijiligine aralaşmaga mümkinçilik döretdi.20.03.2023 ý.