DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

WATANYMDA SARPALYDYR BEDEWLER

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni çäreleriň biri Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda geçirildi. Halkymyzyň göz-guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň şanyna, “At–türkmeniň buýsanjy” ady bilen guralan baýramçylyk sergisi gözellikde, ýyndamlykda, düşbülikde dünýä ady dolan behişdi bedewlerimiziň bu günki ajaýyp döwrümizde şan-şöhratynyň barha beýgelýändiginiň aýdyň şöhlelenmesi boldy. Sergide Daşoguz welaýatynyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de mugallymlarynyň   türkmen bedewlerini  wasp edýän nakgaş we heýkel eserleri  görkezildi. Serginiň açylyş dabarasy uly şowhuna beslendi we  sergilenen sungat eserleri sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. 19-30.04.2023 ý.