1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşaýar” ady bilen baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide döwürleriň hem nesilleriň arasyndaky mizemez baglanyşygy has-da berkiden, parahat durmuş, bagtyýar geljek üçin şirin janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimiziň geçen gahrymançylykly ýoluny beýan edýän nakgaş eserleri bilen birlikde, tylda zähmet çeken adamlaryň durmuşy baradaky maglumatlar hem giň orun aldy.
Watançylygyň hakyky nusgasyna öwrülen–Gahryman adyna mynasyp bolan ildeşlerimiz Annagylyç Ataýewyň, Saparmät Hojaýewyň, Jumaniýaz Hudaýbergenowyň we Jumagaly Kaldykaraýewyň söweş meýdanynda görkezen edermenlikleri baradaky maglumatlar sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Muzeýde guralan bu sergi, watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni çäreleriň biri hökmünde köpleriň kalbynda mynasyp orun alan sergileriň biri boldy. 01-10.05.2023 ý.