DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan il bähbitli işleri wagyz etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de dürli medeni çäreler giňişleýin geçirilýär. Golaýda muzeýiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisinde öňde goýan wezipeleri dogrusynda “Ynsanperwerlik ýörelgeleri rowaçlanýar” atly duşuşygy geçirildi. TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşi bilen bilelikde geçirilen duşuşyga Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen mejlise Daşoguz welaýatyndan wekilçilik eden ýaşulularyň gatnaşyp, mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda hemmetaraplaýyn aladalar barada çykyşlar edildi.

   Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmelere buýsanjyň beýany bolan bu duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.   24.05.2023 ý.