DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Ylhamym, joşgunym – Türkmenistanym

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ençeme täze eserlerini Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergiläp, halkymyza ýetiren Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň suratkeşleriniň we heýkeltraşlarynyň “Ylhamym, joşgunym–Türkmenistanym” atly sergisi bu gezek hem köp adamly boldy. Sergide ýerleşdirilen eserleriň her biri, şekillendiriş sungatynyň biziň durmuşymyz bilen berk baglanşykly bolup kalbymyzyň töründen baky orun alandygyna şaýatlyk edýär.
Suratkeş-nakgaşlaryň Gutlymyrat Töräýewiň, Gurban Babaýewyň, Erkin Kabulowyň, Çingiz Töräýewiň, Merdan Kakabaýewyň, Ruslan Abdullaýewiň, Meýlis Moşyýewyň heýkeltaraşlar Sapa Akbaýewyň, Baýgeldi Annamedowyň işlerini ýakyndan synlanyňda, soňky ýyllarda türkmen şekillendiriş sungatynda özüne mahsus bolan uly özgerişleriň bolup geçendigini görmek bolýar.
Uly joşguna, buýsanja beslenen sergä Daşoguz welaýatynyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarydyr, mugallymlarynyň hem-de Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň işjeň gatnaşmagy “halypa-şägirtlik” ýolunyň dowam bolup, şeýle ajaýyp sungat eserleriniň ýene-de dörejekdigini aňladýar.
15-20.05.2023ý