Aziýanyň merjen şäheri diýip taryp edilýän gözel paýtagtymyz Aşgabatda Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhuna beslendi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen her bir dabaraly çärede milli medeniýetimiziň gadymylygy, özboluşlylygy we köp öwüşginliligi şöhlelendi. Şeýle baýramçylyk sergileriňdir, maslahatlaryň ençemesi Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de geçirildi.
* * * * *
“Şöhratly taryhyň beýany” atly amaly-haşam eserleriniň sergisi. Sergide “Çeper döredijiligiň halk ussasy” adynyň eýeleri Öre Annaýewiň ýasan milli saz gurallary we olary ýasamakda ulanýan gurallary, Haýytgül Ataýewanyň el işleriniň gadymy we häzirki zaman nusgalary, Akdepe etrabyndan Ýazmyrat Bazarowyň taýýarlaýan deri önümleri ýerleşdirilip, milli gymmatlyklarymyzyň gün-günden kämilleşip dünýä nusgalyk derejä ýetendigine ýene-de bir gezek güwä geçýär. 19.06.2023 ý.
* * * * *
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda “Medeniýet halkyň kalbydyr” ady bilen, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyndan muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň baýramçylyk sergisi guraldy. Şeýle-de sergide Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ençemesiniň ýerleşdirilmegi has-da täsirli boldy. 20-28.06.2023 ý.
* * * * *
Muzeýiň mejlisler zalynda “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly baýramçylyk maslahaty geçirilip, maslahatyň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli zähmetde tapawutlanan muzeý işgärleriniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary bilen sylaglanmagy baýramçylyk ruhubelentligine ýene-de joşgun goşdy.27.06.2023 ý.