DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

AKYLDAR ŞAHYRYŇ HORMATYNA

Döwrüň beýik ruhundan galkynan bagtyýar halkymyz häzirki wagtda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmaga uly taýýarlyk görýär.
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň “Daşoguz habarlary” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guran “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine bagyşlanan duşuşykda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, “Daşoguz habarlary” gazetiniň habarçylary Gözel Seýidowa, Aýgözel Atajanowa, muzeýiň bölüm müdiri Çynar Annaýewa hem-de hünärmeni Laçyn Nurmedowa çykyş edip, şygryýet äleminiň şasy hasaplanylýan Magtymguly Pyragynyň watançylyk, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary dogrusynda hem-de doganlyk ýurtlarda akyldar şahyrymyzyň heýkeliniň we onuň adyny göterýän mekdepleriň bina edilýändiginiň, şahyryň halkara derejede sarpasynyň uludygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda, döredijilik duşuşygy bilen utgaşyklykda guralan baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen gymmatlyklar beýik söz ussadynyň eserleriniň heňňamlaryň heňi, asyrlaryň ýaňy, peder pendi bolup gursaklarymyzda müdimi ýaşaýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Duşuşygyň dowamynda dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňişleýin öwrenmekde uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri joşgunly beýan edildi. 20.07.2023 ý.