DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

JOŞGUNLY KÖŇÜLLERIŇ OWAZY

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli welaýatymyzyň dessançy bagşylarynyň “Garaşsyzlyk–dillerimiziň dessany” atly festiwalynyň açylyş dabarasy ýakymly, ýatda galyjy pursatlara beslendi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, dessançy bagşylarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada, Garaşsyzlyk ýyllarynda dessan aýtmak sungatynyň has-da rowaçlanýandygyny, şeýle hem bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýüzüne ýaň salýandygy dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi.
Muzeýde guralan şeýle-de Aşyk Aýdyň piriň aramgähi ýerleşen keremli toprakda dessançy bagşylaryň joşgunly çykyşlaryna utgaşyklykda hem-de Daşoguz şäheriniň görküne-görk goşup oturan Magtymguly atamyzyň heýkeliniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan medeni çärede guralan milli gymmatlyklarymyzyň sergisi hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. 23-25.08.2023 ý.