DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

YLHAM ÇEŞMESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uludan toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, ýetilen beýik sepgitleri çeperçilik sungatynyň üsti bilen wasp etmek maksadynda, muzeýde welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde welaýatymyzyň suratkeşleriniň, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň, mugallymlarynyň arasynda “Garaşsyzlyk–beýik ylham çeşmesi” atly sergi bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar bellenilen wagtyň dowamynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen eserleriň çeperçilik derejesine baha beren eminler toparynyň netijesine laýyklykda ýeňijilere welaýat Baş bilim müdirliginiň, medeniýet müdirliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 12.09.2023 ý.