DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

MILLI MIRASYMYZYŇ SARPASY

28-nji oktýabrda baýramçylyk ruhuna beslenen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan-umumadamzat gymmatlyklaryň mekany” atly maslahatyň açylşy dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlara, şowhunly tanslara we edebi-sazly çykyşlara beslendi. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň baý many-mazmuna beslenen çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Muzeýiň girelgesinde guralan milli medeni mirasymyzyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşindäki ornuny şöhlelendirýän gymmatlyklaryň, şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de welaýat häkimliginiň guramagynda muzeýiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda täze taryhy döwürde milli mirasymyzyň gadyr-gymmatynyň arzylanýandygy hakynda buýsançly çykyşlar edildi.
Maslahata gatnaşyjylar milli mirasymyzyň, şöhratly taryhymyzyň bütin dünýäde dabaralanmagy, geljekki nesillere aýawly ýetirilmegi ugrunda uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar. 28.10.2023 ý.