DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ÇAGALARYŇ ÝÜREK OWAZY

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler zalynda Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň Täze ýyl baýramyny wasp edip taýýarlan surat eserlerinden ybarat “Hoş geldiň, Täze ýyl!” atly baýramçylyk sergisi guraldy.
Sergide ýerleşdirilen her bir eserde çaga kalbynyň täze ýyl buýsanjy, Aýazbaba bilen Garpamyga, olaryň sowgadyna sabyrsyzlyk bilen garaşyşy bir söz bilen aýdanyňda çagalaryň ýürek owazy aýdyň duýulýar. Ýaş suratkeş okuwçylar Gülnäzik Tozanlyýewanyň, Gülnur Uzakberdiýewanyň, Gözel Ýusupowanyň, Patma Baýrammyradowanyň ýerine ýetiren eserleri sergini synlanlaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Ýatdan çykmajak täsirleri galdyran bu eserler bagtyýar çagalaryň halkymyza Täze ýyl sowgadydyr. 20.12.2023-05.01.2024 ý.