Ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan dabaraly çäreler giň gerim alýar. Şu mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen TDP-niň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda bu şanly ýylda söz ussadynyň edebi döredijiligini wagyz etmek, bu ugurda dürli çäreleri guramak boýunça öňde durýan wezipeler baradaky pikir-garaýyşlar beýan edildi. Şeýle-de täze ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýeti baradaky çykyşlar aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Şöhbetdeşlige gatnaşanlar kalplara ylham paýlaýan bagtyýar günleri halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.19.01.2024 ý.