DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagyny dabaralandyrmak hem-de hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar –Watanyň daýanjy” atly kitabyny giňden wagyz etmek maksadynda golaýda muzeýiň mejlisler zalynda “Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly şygar bilen maslahat geçirildi.
KA-nyň Daşoguz şäher geňeşleriniň guramalarynyň agzalarynyň hem-de muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň iki ýylyň sepgidinde halkymyza peşgeş eden ilkinji eseriniň–“Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly kitabynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günlerine hem şan berendigi barada uly buýsanç bilen çykyşlar edildi.
Maslahatyň dowamynda akyldar şahyryň arzuwlan berkarar döwletiniň berkararlygyny berkitmäge mynasyp goşant goşmakda esasy çelgi boljak, şeýle ajaýyp eseri peşgeş berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri beýan edildi.07.02.2024 ý.