DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Halk maslahatynyň prezidiumynyň mejlisininde öňde goýan wezipeleri giňden wagyz etmek we dabaralandyrmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher we etrap Geňeşleri bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda söz ussady Beýik Pyragynyň edebi döredijiligini halk köpçüligine wagyz edip düşündiriş beremek baradaky çykyşlar aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Şöhbetdeşlige gatnaşanlar bagtyýar günleri halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.