Hormatly Prezidentimiz tarapyndan mährem eneler, gelin-gyzlar barada edilýän uly aladalardan ruhlanýan, ýurdumyzyň bagtyýar zenanlary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Döwletimizde zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlaryna goýulýan sarpa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan her bir işinde aýdyň duýulýar.
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde baharyň özüne çalymdaş zenanlaryň şanyna bellenýän baýram–Halkara zenanlar güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň agzalarynyň “Bahar geldi ülkäme–nurun çaýyp äleme” atly baýramçylyk sergisi guraldy. Dürli reňkleriň üsti bilen zenan dünýäsiniň mähir-muhabbeti, gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklary, bahar paslynyň al-elwan gülleri beýan edilen eserler sergini synlanlaryň ünsüni has-da özüne çekdi. Suratkeşler Gutlymyrat Töräýewiň “Köl peýzažy”, Ruslan Abdullaýewyň “Çeşme”, Çingiz Töräýewiň “Gözeller”, Nurjahan Şyhyýewanyň “Güýz”, Nursoltan Meredowanyň “Gelin”, heýkeltaraş Baýgeldi Annamedowyň “Jeren”, atly eserlerini zergär Orazguly Kakaýewiň zergärçilik önümlerini synlanyňda göýä-ki, tebigatyň jadyly künjegine düşen mysaly duýgulary oýarýar. Bahar paslynyň ajaýyplyklaryny reňkleriň sazlaşygynda beýan edilen eserleriň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar ýurdumyzda zenanlara goýulýan uly sarpa barada hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.
Şeýle-de, şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň dowamynda sergä gatnaşan zenan suratkeşler Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary bilen sylaglandylar.
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň bilelikde guran baýramçylyk sergisi birnäçe günläp dowam edýär.15.03.2024ý.