DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi “Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda” atly çärede özüniň göçme sergisini gurady. Sergide muzeý gaznasyndan milli gymmatlyklarymyzdan ybarat bolan ýygyndylar sergilendi. Şeýle-de M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň çeperçilik bölüminiň talyplary özleriniň çeken nakgaş eserleri bilen gatnaşyp, sergä hasam öwüşgin berdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlanyp talyplar özleriniň ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlarlar bilen dowam etdiler. Şular ýaly mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan il - ýurt bähbitli işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris! 12.03.2024 ý

Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew