DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Baharda Watanymyzyň waspy

2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni mynasybetli gözel tebigatymyzy, daşky gurşawyň sazlaşygyny, ekologiýa abadançylygyny çeper şekilleriň üsti bilen wasp etmek maksady bilen, muzeýiň eýwanynda Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Baharda Watanymyzyň waspy” atly surat çekmek bäsleşiginiň sergisi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň çeperçilik bölümlerinde bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar. Sergide okuwçylaryň suwly reňkde, galamda, guaşda we grafika usulda ýerine ýetirlen işlerinde bahar paslynyň hem-de tebigatymyzyň gözellikleri, dabaraly baýramçylyk äheňleri wasp edilýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 18.03.2024ý