DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Magtymguly Pyragy we edebi miras

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň peder ýoluny dowam etdirmeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy beýikde tutulýar. Ýagny ýurdumyzda 2024-nji ýylda şahyrymyzyň 300-ýyllygy mynasybetli Döwlet we Halkara derejesinde bellenilmegi hakynda görkezmeleriň berilmegi, şeýle hem muzeýimizde, welaýat merkezlerinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlap gurnalýan göçme sergileri munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle sergi Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde guraldy. Bu muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisi talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle sergilerimizň üsti bilen ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy, sungatymyzy ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmäge, olara taryhymyzyň ähmiýetini doly ýetirmäge mümkinçilikler döredilýär. Milli gymmatlyklarymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy halk köpçüligine ýetirilmegine, wagyz etmäne giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin ! 01-06.04.2024 ý