DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Kitap – kämilligiň gözbaşy

“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň halkymyzyň eline gowuşmagy göwün kalplarymyza joşgun berdi. Arkadagly gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ähmiýetini wagyz etmek, şeýle hem Änew şäheriniň 2024 – nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli muzeýmizde “Daşoguz habarlary” gazýetiniň redaksiýasynyň, TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti we Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde “Gadymy Änewiň şöhratly taryhy – baý geçmişimiziň belent tarypy” atly tegelek stoluň başynda gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde “Daşoguz habarlary” gazetiniň bölüm redaktory Döwletnazar Işangulyýew, TDP – niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Ejebaý Akmädowa, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary Maýsagözel Amangeldiýewa, Serdar Saparow, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Gözel Köpikliýewa dagy çykyş edip, gadymy Änewiň şöhratly taryhyna bagyşlanan ajaýyp kitabyň ähmiýeti barada durup geçdiler.
Şöhbetdeşlige gatnaşanlar bagtyýar günleri halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini, ýürek buýsançlaryny aýtdylar.04.04.2024 ý

Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew