DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Sagdynlyk – döwletimiziň baş ýörelgesi

Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni bellenilýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Aprel aýynyň ilkinji günlerinden uly ruhubelentlige beslenen Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalara, taryhy senelere beslenýän günlerinde baýramçylygyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeginde dürli sport çäreleri geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, dostlugy we gözelligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky şäherçesiniň “Zähmete şöhrat” muzeýinde “Sagdynlyk – döwletimiziň baş ýörelgesi” atly sergi gurnaldy we sagdyn durmuş barada maslahat geçirildi. Maslahata etrabyň 30-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Okuwçylar bilen sport çäreleriniň sagdyn durmuş üçin ähmiýeti we ýurdumyzda sporty ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän aladalary barada söhbetdeşlik geçirildi. Çäräniň dowamynda “Zähmete şöhrat”muzeýiň binasynyň öňündäki meýdançasynda muzeý işgärleriniň we okuwçylaryň gatnaşmagynda köpç ülikleýin bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirildi. Bu çäre özboluşly şowhunly we uly ruhubelentlik bilen dowam etdi. 07.04.2024 ý