Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary esasynda uly ösüşlere, rowaçlyklara beslenýän eziz Watanymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan türkmen bedewiniň waspy halkymyzyň durmuşynda, halk we çeper döredijiliginde, edebiýatda bagtyýar halkymyz tarapyndan täze öwüşgin bilen nusgalyk derejede baýlaşdyrylýar. Toýlary toýa ulaşýan we şan-şöhrata beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda muzeýiň eýwanynda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlap, milli buýsanjymyz türkmen bedewini çeperçilik sungatda wasp etmek maksady bilen Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň agzalarynyň nakgaş, heýkel eserleriniň wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Sergide halypa suratkeş Gutlymyrat Töräýewiň, Erkin Kabulowyň, Merdan Kakabaýewiň, Ruslan Abdullaýewiň, Şabat etrabynyň suratkeşi Bahram Şamyradowyň nakgaş eserleriniň, heýkeltaraş Baýgeldi Annamedowyň gamyşgulak, ýyndam türkmen bedewlerini wasp edýän heýkel eserleri halk köçüligine ýetirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli ünsi we goldawy bilen atşynaslyk, şeýle hem atçylyk sporty düýpli ösdürilýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda döwrebap aýlawlar, atçylyk sport toplumlary hereket edýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip geçýän atçylyk däpleriniň has-da kämilleşip sungat derejesine göterilmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy aýawly gorap saklamak, ony ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek we olarda söýgi döretmek işleriniň birnäçesi amala aşyrylýar.11.04.2024 ý