DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Ýaş halyçy gyzlaryň bäsleşigi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen “Iň gowy haly gurnagy” atly bäsleşikde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi göçme sergisini gurnady. Bu bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, 1 – nji şerti – gatnaşyjylar öz okaýan mekdebinde, we mekdepden daşary bilim edarasynda hereket edýän haly gurnagyny şahyrana dilde, asylly gyz edebi bilen tanyşdyryp, türkmençilik däplerine mahsus bolan, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik ähmiýetlerini haly sungatyna degişli rowaýatlaryň, taryhy wakalaryň üsti bilen beýan etmekden.
2 – nji şerti okuwçy gyzlar, dokan haly önümleriniň gutarylmadyk nusgalarynyň belli bir bölegini çitip, onuň nagyşlary barada gürrüň bermeli.
3 – nji şerti Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan “Arşyň Nepisligi” atly kitabynda beýan edilişi ýaly türkmen halysynyň gözelligini çeper dilde wasp etmeli.
Bäsleşige gatnaşyjylar bu çäräniň soňunda ýylyň dowamynda haly gurnaklarynda dokan halylarynyň we haly önümleriniň sergisini sergiläp tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlediler we Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren bagtyýar günleri halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini, ýürek buýsançlaryny jogunly beýan etdiler. 19.04.2024 ý

Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew