Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Beýik ýeňiş güniniň 79 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Bu dabara mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler zalynda “Şöhrat” muzeý şahamçasynyň “Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşaýar” atly göçme sergisi gurnaldy we Daşoguz welaýat prokuraturasy, Daşoguz welaýat polisiýa müdirligi,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi bilen bilelikde talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Watan gerçekleriniň Gahrymançylygy ýaşlara görelde mekdebi” atly dabaraly maslahat geçirildi.
“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden bellenilýän bu ýeňiş baýramy watansöýjiligiň, merdanalygyň nusgasyny görkezen pederlerimiziň mertlik mekdebine goýulýan belent sarpasynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, 1941 – 1945 – nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk gahrymançylygy hem – de durmuş ýollaryny nesiller hiç wagt unutmaz. Merdana Pederlerimiziň Watan mukaddesligi, onuň beýikligi hakyndaky mukaddes ýörelgeleriniň beýik nusgasyna öwrülen Ýeňiş güni eziz Diýarymyzda giňden dabaralandyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watan gahrymanlarynyň, olaryň yzynda galan mähriban enelerimiziň sarpasy belent tutulýar. Her ýylda baýramçylygyň öňýanynda hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar. Maslahatdan soňra Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş gününiň 79 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň “Şöhrat” şahamçasynyň gurnan sergisine syn ediler.
Halkymyzyň baky bagtyýarlygy, Ýer ýüzüniň parahatçylygy we asudalygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Lidermiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin! Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun! 01.05.2024 ý
Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa
Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew