Ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini ösdürmek, olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TMÝG-nyň welaýat Geňeşi, Türkmen oba hojalyk institutynyň “Daşky gurşawy goramak-durnukly ösüşiň möhüm Konsepsiýasy” atly ÝUNESKO kluby, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi hem-de Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde welaýatymyzdaky umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Daşky gurşawy goramak” atly surat çekmek bäsleşigini geçirdiler. Olarda gözel tebigatymyzy, baglarymyzy, daşky gurşawymyzy, haýwanat dünýäsini beýan edýän eserler görkezildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy. 24.04.2024 ý.
Taýýarlan : Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň müdiri Seýidowa Gunça
Ýerine ýetiriji : Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba
almak we saklamak bölüminiň ylmy işgäri Uzakberdiýew Batyr