DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Ylymlar güni mynasybetli geçirilen maslahat

Ylymlar güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlistler zalynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylmy gadamlary” atly ylmy amaly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň syýasy jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, degişli edara – kärhananalaryň ýolbaşçylary,we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ylmyň dürli ugurlaryny ösdürmek babatda bu günki günlerimizde durmuşa geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy hem – de ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklary üçin giň gerimli mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda mazmunly çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem çykyş edenler ylmyň dürli ugurlaryny galkyndyrmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýtdylar! 11.06.2024 ý

Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri: B.Uzakberdiýew