Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan ösdürmäge we öwrenmäge uly üns berilýär. Muňa mysal edip “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda zenanlaryň işjeňligini has-da artdyrmak, milli gymmatlyklarymyzy giňden ýaýmak, görelde mekdebini ösdürmek, ýaş gelin – gyzlaryň el işlerine höwesini artdyrmak maksadynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Halypa – şägirtlik ýörelgesi – milli gymmatlyklary ösdürmekde uly mekdep” atly mährem enelerimiziň , el işleri bilen meşgullanýan zenanlaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan gadymy senetleriň biri hasaplanýan keşdeçilik sungaty türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Bu sungat nesilden-nesle geçip, öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Gyz-gelinlerimiziň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän keşdeler türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýar. Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan dörän el işlerimizi dünýä ýaýmakda, olary geljekgi nesillere ýetirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 27.06.2024ý
Taýýarlan:
Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa
Ýerine ýetiriji:
Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew