Söz mülküniň soltany, pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň miras galdyran köňül kelamlary dilden–dile geçip, dünýä halklarynyň hakydasynda görnükli orun aldy. Muňa mysal edip, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, gurluşyk we senagat pudagyna degişli Daşoguz şäher guramalarynda hem–de Medeniýet, Bilim işgärleriniň KA–nyň Daşoguz şäher Geňeşleriniň edara–kärhanalarynda uzak ýyllaryň dowamynda abraý bilen zähmet çekýän halypalaryň hem–de ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda “Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy” atly duşuşyk maslahaty geçirildi. Maslahatda öz halkynyň şöhrat–şanyny arşa galdyran beýik söz ussadyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent sarpasynyň netijesinde, Köpetdagyň eteginde dag ýaly heýkel bina edilip, şahyryň 300 ýyllyk toý–dabarasy ilden–ile ýaýyldy.
Türkmen halkynyň beýik şahslaryny sarpalaýan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem–de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 23.08.2024 ý
Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini
guramak bölüminiň ylmy işgäri: G.Köpikliýewa
Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew